Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG-niň ýadro guramasynyň başlygy Tähranda eýranly resmiler bilen gepleşýär


Halkara Atom energiýasy guramasynyň ýerine ýetiriji başlygy Kornel Feruta Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi bilen.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy, Tähran 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygynda gadagan edilen çärä, kämilleşdirilen sentrifugalary ulanmaga başlandan soň, Eýranda ýokary derejeli resmiler bilen gürleşmegi planlaşdyrýar.

Eýranyň döwlet TW-si 8-nji sentýabrda Halkara Atom energiýasy guramasynyň ýerine ýetiriji başlygy Kornel Ferutanyň Tährana gelendigini görkezdi.

Ol daşary işler ministri Jawad Zarif hem-de Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň başlygy bilen gürleşmegi planlaşdyrýar.

Ferutanyň sapary Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň kämilleşdirilen sentrifugalaryň iki görnüşini ulanyp başlajagyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Eýran uran baýlaşdyrmak boýunça we öz uran ätiýaçlyklaryny artdyrmak babatynda 2015-nji ýyldaky ylalaşyk esasynda bellenen çäklerden bireýýäm aňryk geçdi.

Waşington ýadro ylalaşygyndan bir ýyl öň çekildi we ýuwaş-ýuwaşdan Eýrana garşy ykdysady, harby basyşlaryny güýçlendirdi.

Tähran hem, ABŞ sanksiýalaryna garamazdan, daşary ýurtlara çig nebit satmak ýollaryny gözläp, Ýewropa basyş etmäge synanýar.

BMG-niň ýadro agentligi öz inspektorlarynyň Eýranyň boýun alan borçlaryny ýerine ýetirip-ýetirmeýändigini barlamaga taýýardyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG