Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda enäniň hem bäbegiň ýerde ýatan suraty barada bäbekhananyň lukmany düşündiriş berdi


Fergananyň bäbekhanasyndan düşürilen surat.
Fergananyň bäbekhanasyndan düşürilen surat.

Fergana welaýatynyň Özbegistan raýonynyň aýallar keselhanasynyň lukmanlary çaga dogran birnäçe aýalyň ýerde ýatmaly bolandygyny boýun aldylar. Olaryň sözüne görä, bu ýagdaý «bary-ýogy 1-2 gün» dowam edipdir, sebäbi çaga dogurýan aýallaryň sany geçen ýyldakydan iki esse artypdyr. Geçen baýramçylyk günlerinde ZAGS bölümi işlemänsoň, bu ýagdaý ýüze çykypdir.

4-nji sentýabrda ol bäbekhanadan Azatlyk Radiosyna foto hem wideo ýazgy ýollan aýal «Fergana welaýatynyň Özbegistan raýonynyň çaga dogrulýan bölüminde aýallar näme üçindir ýeriň üstünde ýerleşdirilipdir. Olaryň arasynda täze çagasy bolanlar-da, göwreliler-de bar. Olaryň näme üçin ýerde ýatandygyny bilmek isleýäris» diýip, ýazgy galdyrypdyr.

Suratda hem wideo ýazgyda ýerde ýatan dört aýal görünýär. Beýleki bir wideorolikde odeýalyň üstünde oturyp, çagasyna emme berip oturan aýal, soňra ol odeýaly ýere ýazyp, bäbegini gundaýar. Suratlardan hem wideodan görnüşine görä, iki otagda 5 aýal ýerleşdirilipdir.

Aýallar keselhanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Nasiba Omonowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu ýagdaý wagtlaýyn, sebäbi goňşy bölümler çaga dogurjaklaryň ählisini kabul edip bilmändir.

Ýöne onuň sözüne görä, munuň özi aýallaryň 15-20 günläp ýeriň üstünde ýatýandygyny aňlatmaýar, olaryň 1-2 gün ýerde ýatmagynyň sebäbi bolsa başga zatda.

– Biziň baýramçylygymyz üç güne çekdi, ol günlerde ZAGS (graždanlyk ýagdaýynyň aktlar ýazgysy bölümi) işlemedi. Dokument bolmasa biz aýallary bäbekhanadan çykaryp bilmeýäris. 31-nji awgustda hem 1-2- nji sentýabrda 20 aýal çaga dogurdy. Bäbekhanada bolsa olar üçin jemi 60 ýer bar. Ine, şoňa görä olar ýerde ýatýarlar. Olary diňe 1 gün ýerde goýduk – diýip, baş wraçyň orunbasary aýdýar.

Nasiba Omonowanyň sözüne görä, aýallar keselhanasy 120 orna niýetlenen, olardan 20 orun ginekologiýa bölümine degişli, 40 orun göwrelilik patologiýasy, ýagny göwrelilik keselleri bölümi, galan 60 orun akuşerler – çaga dogurýanlar üçin.

Baş lukmanyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, şu ýyl Özbegistanda «doglyş ýyly» boldy.

– Düýn men hasabat tabşyrdym. Awgust aýynda bizde 489 çaga dünýä indi! Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, biziň dogluş koeffisentimiz iki esse boldy. Statistikanyň görkezmesine laýyklykda, 1997 – 2000-nji ýyllar aralygynda çaga dogluşy örän ýokary bolupdyr. Şol ýyllarda doglan gyzlaryň özi bu ýylda ene boldular. Bu bütin respublika degişli. Geljek ýyl Özbegistanda doguljaklaryň sany birneme azalar – diýip, Nasiba Omonowa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Özbegistanyň Döwlet statistiki komitetiniň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ýurduň taryhynda çaga dogluşynyň iň ýokary derejesi hasaba alnypdyr.

Resmi maglumata görä, 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda respublikanyň ilatynyň sany 33 million 523,6 müň adama ýetipdir. Bu bolsa 2019-njy ýylyň başyndan bäri ilatyň 0,8%, ýagny 268,1 müň adam artandygyny görkezýär.

2018-nji ýylda ýurduň ilatynyň sany 597 400 adam ýa-da 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,8% artypdy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG