Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň Russiýanyň ençeme şäherindäki edaralarynda gözleg işleri geçirildi


Geçen hepde we awgust aýynyň başynda Nawalnynyň Moskwadaky we Sankt-Peterburgdaky edaralarynda hem gözleg işleri geçirildi. 8-nji awgust, 2019 ý.
Geçen hepde we awgust aýynyň başynda Nawalnynyň Moskwadaky we Sankt-Peterburgdaky edaralarynda hem gözleg işleri geçirildi. 8-nji awgust, 2019 ý.

Russiýanyň kanun goraýjy organlarynyň ofiserleri Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň ýurduň ençeme şäherindäki edaralaryna reýd gurnadylar diýip, Nawalnynyň ýaranlary we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler aýdýarlar.

Bu fonduň taslama müdiri Leonid Wolkow özüniň 10-njy sentýabrda ýazan tweetinde guramanyň Ufadaky, Permdäki we Samaradaky ofis jaýlarynda gözleg işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Wolkow fonduň bu üç şäherdäki agzalarynyň öýlerinde hem gözleg işleriniň geçirilendigini aýdyp, bu reýdleriň pul ýuwmak baradaky derňew işleri bilen ilteşiklidigini belledi.

Bu aralykda, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Agora” toparynyň lideri Igor Çikow 10-njy sentýabrda Nawalnynyň Saransk we Çelýabinsk şäherlerindäki ofislerinde hem gözleg işleriniň geçirilendigini aýtdy.

Şuňa meňzeş gözleg işleri geçen hepde we awgust aýynyň başynda Nawalnynyň Moskwadaky we Sankt-Peterburgdaky edaralarynda hem geçirilipdi. Şonda Russiýanyň Derňew komiteti Nawalnynyň fondunyň pul ýuwmakda güman edilýändigini aýdyp, oňa garşy derňew işleriniň başladylandygyny mälim etdi.

Nawalny we onuň topary bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG