Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sentsow we Kolçenko rus türmesinden boşadylandan soň, ilkinji metbugat konferensiýasyny geçirdi


Oleh Sentsow

Ukrain režissýory Oleh Sentsow we aktiwist Oleksandr Kolçenko rus türmesinde saklanan döwründe özlerini goldan ähli adamlara sagbolsun aýtdylar.

Sentsow we Kolçenko Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda amala aşyrylan tussaglary çalyşmak çäresinde azatlyga goýberilmeginiň yzýany, 10-njy sentýabrda Kiýewde ilkinji metbugat konferensiýasyny geçirdiler.

7-nji sentýabrda iki ýurt özaralarynda jemi 70 sany tussagy çalyşdy. Bu Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2017-nji ýyldan bäri tussaglary çalyşmak boýunça amala aşyrylan iň uly çäredir.

Sentsow we Kolçenko Russiýa ukrain ýarymadasyny basyp alandan soňra, 2014-nji ýylda Krymda tussag edilipdiler.

2015-nji ýylda Russiýanyň sudy olary terrorçylykly hereketleri amala aşyrmagy planlaşdyrmakda höküm etdi. Sentsow we Kolçenko, şeýle-de olaryň tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdypdylar.

“Ilki bilen, men bizi goldan we biziň azatlyga goýberilmegimize goşant goşan häli adamlara sagbolsun aýdasym gelýär” diýip, Kolçenko žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG