Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ABŞ-Talyban parahatçylyk gepleşikleriniň bes edilendigini aýtdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ABŞ-Talyban parahatçylyk gepleşikleriniň bes edilendigini aýtdy.

Tramp bu barada 9-njy sentýabrda Ak tamda geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu waka amerikan prezidentiniň owgan we “Talyban” resmileriniň arasynda Birleşen Ştatlarda geçiriljek gizlin gepleşikleri goýbolsun edendigini yglan etmeginden iki gün soňa gabat geldi.

Ol “Talyban” güýçleriniň golaýda Kabulda bomba ýerleşdirilen awtoulagy partladyp, 12 adamy, şol sanda bir amerikan esgerini öldürmegi sebäpli bu karary kabul edendigi barada mundan ozal ýaýradan beýanatyny tekrarlady.

“Olar özlerini has gowy gepleşik pozisiýasynda goýmak üçin adamlary öldürmeli diýip pikir etdiler. Olar muny edende, 12 adamy öldürdiler” diýip, Tramp aýtdy.

“Siz muny meniň bilen edip bilmersiňiz. Biz Talybana soňky dört günde geçen 10 ýyldakydan has köp zarba urduk” diýip, Tramp sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo 8-nji sentýabrda telewideniýede eden çykyşynda Amerikanyň “Talyban” bilen gepleşik alyp barýan ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň yzyna çagyrylandygyny aýdyp, parahatçylyk gepleşikleriniň häzirlikçe soňlanandygyny bildirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG