Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabatda ýurtlaryň klimat uýgunlaşmasyna maýa goýmagyna çagyrylýar


Klimat uýgunlaşmasy baradaky hasabat
Klimat uýgunlaşmasy baradaky hasabat

Ýurtlar klimatyň üýtgemeginiň oňaýsyz täsirlerinden goranmak üçin haýallatmak tagallalary bilen bir hatarda, has köp uýgunlaşmak sistemasyny işe girizmelidir diýip, syýasat, biznes we ylym ulgamynyň 34 liderinden düzülen topar aýdýar.

Uýgunlaşmak baradaky global komissiýanyň (Global Commission on Adaptation) 10-njy sentýabrda ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, öňümizdäki onýyllygyň dowamynda esasy bäş territoriýada $1,8 trillion möçberde maýa goýmak arkaly $7,1 möçberde ykdysady düşewünt gazanyp bolar.

Bu komissiýa Birleşen Milletler Guramasynyň öňki baş sekretary Ban Ki-mun, Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Gates we Bütindünýä bankynyň baş direktory Kristalina Georgiewa ýolbaşçylyk edýär.

Komissiýa BMG-niň Klimatyň üýtgemegi barada 23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda geçirjek sammitiniň öňýanynda, “global güntertipde klimat uýgunlaşmasy baradaky habarlylygy artdyrmagy” maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG