Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti Tokaýew ýurdunda barýan anti-hytaý protestleriniň arasynda Pekine sapar edýär


Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Pekinde duşuşyga gatnaşýar. 11-nji sentýabr, 2019.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurdunda barýan anti-hytaý protestler arasynda Pekine iki günlük sapara geldi.

Gazagystanyň prezidentiniň websaýty Tokaýewiň, 11-nji sentýabrdaky gün tertibine laýyklykda, Hytaýyň Merkezi daşary işler komissisýasy edarasynyň direktory Ýaň Jiýeçi (Yang Jiechi) bilen duşandygyny aýtdy.

Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäheriniň aktiwistleri soňky günlerde Hytaýyň öz ýurtlarynda ýatyrýan sermaýalaryna garşy ýygnanyşyk geçirdiler. Olaryň protesti gazak paýtagty Nur-Soltandaky, ýurduň iň uly şäheri Almatydaky, ýene birnäçe şäherdäki aktiwistler tarapyndan alnyp göterildi.

Hytaýa garşy meýiller Gazagystanda Hytaýyň demirgazyk-günabataryndaky Sinjiaň sebitinde ýerli etniki azlyklara, şol sanda gazaklara çemeleşilişi barada çykan habarlardan soň ýokarlandy.

BMG geçen ýyl Sinjiaňda 1 million çemesi uýguryň we esasan türk dilinde gepleýän beýleki musulmanlaryň “terrora garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene bir million adamyň bolsa içerki lagerlere iberilendigini habar berdi.

Şu aralykda gazak resmileri Hytaýyň maliýeleşdirmegi esasynda 55 sany senagat desgasyny gurmak teklibini öňe sürüp, öňki sowet respublikasynda korrupsiýa we Hytaýyň täsiriniň aşa ýokarlanmak aladalarynyň güýçlenmegine sebäp boldular.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG