Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistleri goramak baradaky komitet täjik häkimiýetlerini garaşsyz “Asia-Plusyň” elýeterliligini üpjün etmäge çagyrýar


Täjigistanyň "Asia Plus" habar agentliginiň saýty

Žurnalistleri goramak baradaky komitet täjik häkimiýetlerini garaşsyz “Asia-Plus” habar agentliginiň “görnetin nyşana alnan” websaýtynyň baglanmagyny derňemäge we onuň elýeterliligini üpjün etmäge çagyrdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat azatlygy guramasy bu çagyryşy 10-njy sentýabrda, Duşenbede ýerleşýän media topary “Asia-Plus” özüniň esasy websaýtlarynyň we iş e-mailleriniň 19-njy awgustda işlemegini bes edendigini habar berenden soňra etdi.

Tehniki ekspertleriň AÝ/AR-a aýtmaklaryna görä, news.tj we meşhur asiaplus.tj domeýn atlarynyň ýazgylary bilkastdan, elýeterliligi bozmak üçin, nädogry sazlanyldy we bu ýa ýalňyşmak, ýa-da kiber hüjümleri esasynda edilen bolmaly.

Emma muňa garamazdan, milli domeýn hasaba alyşlygy “Asia Plusyň” we “Easteranyň” şikaýatlaryny derňemeli.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG