Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Lukmanlar oňa bu çaga hiç haçan adam bolmaz’ diýipdirler. Özbek aýal öz çagasyny hem keseki biriniň bäbegini keselhananyň penjiresinden aşak oklady


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

9-njy sentýabr gijesi Namangan welaýatynyň Namangan raýonyndaky eneler keselhanasy toplumynyň arka howlusyndan, 2-nji sentýabrda doglan iki gyz bäbegi diri wagtynda tapdylar. Olar 1996 we 1997-nji ýyllarda doglan aýallaryň bäbekleri eken. Bäbekler keselhananyň reanimasiýa bölüminde ýerleşdirildi, ýöne lukmanlara olaryň janyny halas etmek başartmady.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat-gullugynyň maglumatyna görä, hadysa 9-njy sentýabrda, ýerli wagt bilen 03:30 töwereklerinde bolupdyr. 2-nji sentýabrda gyz dogran D.H. diýen ene çagasynyň aýagynda näsaz şikesiň bardygyny görüp, ondan dynmak isläpdir.

Ol aýal öz çagasyny bäbekhananyň 2-nji gatyndan ýere oklapdyr, şol wagtda özi bilen bir otagda ýatan M.T. atly aýalyň bäbegini hem alyp, penjireden oklapdyr.

Netijede, bäbekleriň ikisi-de agyr şikes alypdyr, olar reanimasiýa bölüminde aradan çykdylar.

Baş prokuraturanyň maglumatyna görä, D.H. eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin, öz çagasy bilen bilelikde, goňşusynyň çagasyny-da aşak oklapdyr.

Iki çaganyň ölümine sebäp bolan aýalyň garşysyna Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 97-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň «а, b» punktlary esasynda («Bilkastdan adam öldürmek») jenaýat işi gozgalypdyr. Aýalyň 15 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmegi mümkin.

Bu jenaýat işine ýol beren bäbekhananyň jogapkär işgerleriniň garşysyna-da «öz professional borjuna sowuk-sala garandygy üçin» diýen aýyplama bilen jenaýat işi gozgalypdyr. Eger olaryň günäleri sudda tassyk edilse, 5 ýyldan 8 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Namanganyň kanun goraýjy guramasynyň adynyň aýdylmazlygyny haýyş eden bir işgäri çaga dogrulýan öýüň dört medisina uýasynyň gaşsyna derňew işleri geçirilip, olaryň soraga çekilýändigini Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Derňewiň deslapky netijelerine görä, hadysa bolan wagtynda bäbekhananyň medisina uýalary uklap galypdyrlar diýip, şol gürrüňdeşimiz aýtdy.

– Çagalary penjireden aşak oklan aýal öň hem iki çaga dogrupdyr. Olaram maýyp eken we soňra ýogalypdyrlar. Üçünji gezegem ol maýyp çaga dogrupdyr. Lukmanlar oňa bu çagasynyň hem adam bolmajagyny aýdypdyrlar. Aýal agyr ruhy çökgünlige düşüp, maýyp çaga kime gerek diýen pikir bilen şeýle jenaýata ýüz urupdyr – diýip, derňew işiniň barşyndan habarly bolan kanun goraýjy guramanyň işgäri aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG