Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Türk geňeşine goşulmak üçin arza berdi


"Türk geňeşine" gatnaşýan prezidentler meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň portretiniň öňünde surata düşýärler. 2018 ý.

Özbek hökümeti türki dilde gepleýän ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşine, Türk geňeşine agza bolmak hakynda resmi arza berdi.

"Özbegistan Türk geňeşine goşulmak barada karar kabul etdi we özbek hökümetiniň resmi arzasy geňeşiň müdirligine gelip gowuşdy” diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 12-nji sentýabrda aýtdy. Şeýle-de ol agzalyk prosesiniň ýakyn wagtda tamam boljakdygyny belledi.

Türk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabrynda, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň bu toparyň esaslandyryjy agzalary bolmagynda döredildi.

Özbegistan bu topara goşulmak niýetini geçen ýylyň aprelinde mälim etdi.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýete geleli bäri goňşular bilen gatnaşyklary açmak we ösdürmek tagallalaryny edýär.

Ozalky prezident Yslam Kerimowyň 27 ýyllyk awtoritar dolandyryşy mahalynda Özbegistanyň Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklary, tranzit ýollary, serhet howpsuzlygy, suw serişdeleri we beýleki meseleler babatdaky jedeller üstünde dartgynly boldy.

Türk geňeşiniň geçen ýylyň sentýabrynda Gyrgyzystanda geçirilen sammitinde oňa Wengriýa hem synçy hökmünde goşuldy. 19-njy sentýabrda bu geňeşiň Ýewropadaky edarasynyň Budabeştde açylmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG