Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmileri bilen gepleşikler kesilenden soň, “Talyban” Moskwada rus wekili bilen duşuşdy


Orsýetiň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow
Orsýetiň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow

“Talybanyň” Katardaky edarasynyň gepleşik topary, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp jeňçi toparyň amerikan resmileri bilen geçirýän parahatçylyk gepleşikleriniň çökendigini aýdanyndan birnäçe gün soň, rus resmileri bilen gepleşmek üçin Moskwa geldi.

TASS “Talybanyň” Katardaky edarasynyň sözçüsi Mohammad Sohail Şahine salgylanyp, onuň “Talyban” delegasiýasy 13-nji sentýabrda Orsýetiň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow bilen duşuşdy diýendigini habar berdi.

AÝ/AR “Talybanyň” delegasiýasynyň 13-nji sentýabrda Moskwa barandygyny garaşsyz ýagdaýda hem tassyk etdi.

TASS habar gullugynyň Şahini sitirläp ýazmagyna görä, “Talybanyň” rus prezidenti Wladimir Putiniň ýörite wekili bilen geçiren gepleşiklerinde “Owganystandaky parahatçylyk prosesiniň soňky ýagdaýlaryna üns berildi”.

Şu aralykda Owganystanyň Owgan yslamçy metbugaty (OYM) Moskwa baran “Talyban" delegasiýasyna Şer Muhammad Abbas Stanikzayň, jeňçi toparyň Katardaky gepleşik toparynyň başlygynyň ýolbaşçylyk edendigini habar berdi.

Delegasiýanyň hatarynda Şaheen bilen Kari Din Muhammad Hanifiň hem bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG