Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bolgar žurnalistleri kärdeşlerine raýdaşlyk üçin proteste çykdylar


Bolgar žurnalistleri kärdeşlerine raýdaşlyk bildirýär.

Bolgariýanyň Milli radiosynda işleýän onlarça žurnalist 13-nji sentýabrda döwlet eýeçilgindäki guramanyň ýolbaşçylaryna garşy protest gurnap, efire berilýän gepleşikleriň bäş sagatlap kesilmegine sebäp boldy. Olar bu protesti Bolgariýanyň korrupsiýa ulaşan sud ulgamy barada gepleşik taýýarlaýan kärdeşleriniň işden gyrakladylmagy sebäpli guradylar.

Žurnalist Silwia Welikowanyň taýýarlaýan “Horizont” programmasy 13-nji sentýabr güni irden efire çykmalydy. Emma Bolgar Milli radiosynyň ýolbaşçylary 12-nji sentýabrda bu programmanyň efire goýberilmejekdigini aýtdylar.

BMR-niň ýolbaşçylary başda bu kararlaryny tehniki meseleler bilen düşündirmäge çalyşdylar. Emma bolgar media habarlarynda kärdeşleriniň Welikowa raýdaş bolup, onuň ornuna geçmekden ýüz öwrendikleri, netijede ýolbaşçylaryň görülmedik çärä ýüz urup, tutuş ýurt boýunça gepleşikleri ir sagat 6-dan 11-e çenli kesmek kararyna gelendikleri habar berildi.

Protest netijesinde Welikowa öz alyp barýan gepleşiklerini indiki hepdeden dowam etdirmek üçin yzyna çagyryldy. “Horizont” programmasynyň ýerine ýetiriji direktory Nikolaý Krastew bolsa, 13-nji sentýabrda işden çekildi.

Krastew 12-nji sentýabrda, şertnama düzgünlerini bozandygyny aýdyp, Welikowany işden çetleşdiripdi.

Baş prokuror Sotir Tsatsarow 13-nji sentýabrda bu iş boýunça derňew açylýandygyny yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG