Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen pitneçileri saudlylaryň nebit ýataklaryna edilen hüjümiň jogapkärçiligini boýun alýar


Aramkodaky ýangyn

Ýemeniň Huti pitneçileri Saud Arabystanynyň işledýän nebit desgalaryna 14-nji sentýabr güni irden edilen iki dron hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrligi Huraýs welaýatyndaky nebit ýatagynyň we Abkaýk welaýatynda ýerleşýän dünýäde iň uly nebiti gaýtadan işleýän desganyň dron zarbalarynyň nyşanasy bolandygyny aýtdy.

Bu zarbalar netijesinde ýangyn döredi, emma saud häkimiýetleri ol ýangynyň soň kontrol astyna alnandygyny aýtdylar.

Daň atmazdan öň edilen hüjümlerden birnäçe sagat geçenden soň, Aramko beýanat çap edip, häkimiýetleriň pidalar barada habar bermändigini aýtdy.

Döwlet TW-si eksportyň dowam edýändigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG