Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Samarkant şäher administrasiýasy taryhy Registanda gurnalan dabaradan düşürilen wideo barada kommentariýa berdi


Özbegistanyň medeniýet hem sungat wekilleriniň birnäçesi soňky wagtlarda çinownikleriň daşary ýurt myhmanlary üçin, medeni-taryhy obýektiň çäginde ýygy-ýygy dabara gurýandygyndan aladalanýarlar.
Özbegistanyň medeniýet hem sungat wekilleriniň birnäçesi soňky wagtlarda çinownikleriň daşary ýurt myhmanlary üçin, medeni-taryhy obýektiň çäginde ýygy-ýygy dabara gurýandygyndan aladalanýarlar.

Samarkant şäheriniň administrasiýasy gytaklaýyn hem bolsa, Registan taryhy toplumynyň içki jaýynda gurnalan dabaraly mejlisden düşürilen wideoýazga düşündiriş berdi.

Dabaradan düşürilen wideo golaýda Özbegistanyň sosial ulgamlarynda peýda boldy.

Samarkant şäher administrasiýasynyň metbugat-gullugy 8-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna ol wideoýazgyny takyk atlandyrmazdan, 6-njy sentýabrda başlanan ABŞ-yň hem Özbegistanyň özara hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan biznes-forumyna gatnaşyjy myhmanlaryň hem-de beýleki çäreleriň hatyrasyna Registanyň çäginde dabaraly kabul edişligiň gurnalandygyny aýtdy.

Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, bu dabara 2-9-njy sentýabr aralygynda ABŞ-daky hem Kanadadaky buhara ýewreýleriniň Kongresiniň prezidenti Boris Kandowyň 80 adama ýolbaşçylyk edip, Özbegistana geçirýän saparynyň hormatyna gurnalypdyr. Şäher häkimliginiň maglumatynda aýdylyşyna görä, daşary ýurtly myhmanlar Özbegistana ýörite «zyýarat» maksady bilen gezelenje gelipdirler.

Registanyň içki howlusyndaky güýçli saz ýaňlanyp duran ol dabaradan düşürilen şekiller sosial ulgamy ulanyjylarda ýiti tankyda duçar boldy, olar muny taryhy ýadygärlige hormatsyzlyk hasap edýärler. Mundan daşary-da, beýle çäreler gadymy arhitektura obýektine zyýan getirer diýip hasaplaýarlar.

Şuňa meňzeş resmi delegasiýalary kabul etmek çäresi tassyklanan programma esasynda, Registan meýdançasyndaky Ulugbekiň medresesinde hem geçirilipdi. Ol ýerde 6-nji sentýabrda geçirilen dabaranyň Özbegistanyň Daşary işler ministriniň 1-nji orunbasarynyň haýyşy bilen gurnalandygyny metbugat-gullugy mälim etdi.

Ýatlatsak, Horezmiň çinownikleri Hywa hanynyň köşgünde EBPP-niň delegasiýasy üçin, dabara gurnady diýip, şu ýylyň iýun aýynda Azatlyk Radiosy habar berdi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG