Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongdaky demokratiýa tarapdar hereketler tapgyr 100-nji güni dowam edýär


Hong Kong

16-njy sentýabrda Hong Kongdaky demokratiýa tarapdar hereketler tapgyr 100-nji güni dowam edýär. Bu hereketler Pekiniň kontrollygyndaky ýarym awtonomiýa regionda 1997-nji ýyldan bäri emele gelen iň agyr krizisdir.

Hepdäniň ahyrynda bolan çaknyşyklardan we protestlerden soň, biznes nokatlary we ýerasty metro stansiýalary gaýtadan açyldy diýip, Reuters neşiri habar berýär.

Mundan bir gün öň, ýagny gozgalaňyň 99-njy gününde häkimiýetleriň rugsat berilmedik ýörişleri bes etmäge çagyrýan mahalynda, on müňlerçe adam köçä çykdy.

Hong Kongyň merkezindäki hökümet edaralarynyň toplumynyň daşynda polisiýa “Molotow kokteýllerini”, ýagny içi ýangyçly çüýşeleri oklan protestçilere garşy suw pürkýän gurallary we göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Käbir protestçiler demokratik reformalary geçirmäge çagyryş edýän mahalynda, Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň baýdaklaryny galgatdylar.

Wakada adam ýitgisiniň ýa-da tussag edilenleriň bolandygy barada häzirlikçe maglumat ýok.

Protestler başlanany bäri 1300-den gowrak adam tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG