Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa ýyllyk harby-tälim türgenleşiklerine başlaýar


Russiýanyň kartasy

16-njy sentýabrda Russiýanyň harbylarynyň ýyllyk strategik we operatiw harby-tälim türgenleşikleri başlaýar.

Russiýanyň Bilelikdäki strategik komandowaniýesiniň Merkezi harby-tälim türgenleşiklerine Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň harbylary hem goşular. Bu harby-tälim türgenleşikler 21-nji sentýabra çenli dowam eder.

Strategik we operatiw harby-tälim türgenleşikler her ýyl üýtgeýär. Bu ýylky türgenleşikler, esasan Bilelikdäki strategik komandowaniýeniň Merkezi harby-tälim türgenleşiklerine gönükdiriler. Russiýanyň başga-da Günbatar, Gündogar we Kawkaz Bilelikdäki strategik komandowaniýeleri bar.

2008-nji ýylda Russiýa öz goşunyny kämilleşdirmäge başlanyndan bäri Bilelikdäki strategik komandowaniýeniň Merkezi harby-tälim türgenleşikleri iki gezek – 2011 we 2015 ýyllarda – geçirildi.

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu harby-tälim türgenleşikleriň üçünji bir ýurda gönükdirilmeýändigini aýdyp, onuň “terrorçylyga garşy göreşmek” operasiýalaryny öz içine alýandygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG