Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp saudy nebit desgalaryna edilen hüjümden soň, ABŞ-nyň “taýýarlykly” ýagdaýdadygyny aýtdy


Wakanyň bolan ýeriniň golaýyndan düşürilen wideo ýazgyndan alnan surat. 14-nji sentýabr, 2019 ý.
Wakanyň bolan ýeriniň golaýyndan düşürilen wideo ýazgyndan alnan surat. 14-nji sentýabr, 2019 ý.

Eýran Saud Arabystanynyň nebit önümçiligini ýarpy möçberinde hatardan çykaran hüjümiň arkasynda Tähranyň bolandygy barada Birleşen Ştatlaryň öňe süren aýyplamalaryny ret etdi. Bu global çig nebit üpjünçilikleriniň hatardan çykmagy bilen bagly iň uly wakadyr.

“Bu aýyplamalar kabul ederliksiz we düýbünden esassyz diýlip ýazgarylýar” diýip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Abbas Musawi 16-njy sentýabrda ýurduň döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň resmileri subutnama 14-nji sentýabrdaky hüjümiň arkasynda ýemenli Huthi toparynyň däl-de, Eýranyň bolandygyny görkezýär diýdiler. Mundan öň, ýemenli Huthi topary hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

15-nji sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň “gulplanan we ýüklenendigini”, ýagny “taýýarlykly” ýagdaýdadygynyhem-de dünýäniňiň uly nebiti gaýtadan işläp çykarýan desgasyna edilen hüjüm üçin gaýtawul bermäge taýýardygyny duýdurdy.

Beýleki ýurtlar dronlar arkaly amala aşyrylan hüjümiň töweregindäki surat, ýagdaý aýdyňlaşýança sabyrly bolmaga çagyrdylar.

Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab hüjümi “halkara kanunynyň manysyz bozulmagy” diýip häsiýetlendirdi, ýöne ol “oňa kimiň jogapkärdigi babatynda suratyň heniz doly aýdyň däldigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG