Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentiň Içeri işler departamenti: 25 ýaşly geý özüni öldüren bilen Internetde tanyşdy


Şokir Şawkatow
Şokir Şawkatow

Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň Içeri işler departamenti şäheriň Ýunusabat etrabynda 25 ýaşly geý Şokir Şawkatowyň ölümi bilen bagly detallary ýaýratdy. Resmi maglumatlara görä, Şokir özüni öldüren diýlip güman edilýän 28 ýaşly Odiljon Ý. bilen “Vkontakte” sosial ulgamynda tanyşdy. 11-nji sentýabrdaky duşuşykda ol Şokiry pyçaklady.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň Içeri işler departamenti şäheriň Ýunusabat etrabynda asly Samarkant welaýatynyň Çelek şäherinden bolan 25 ýaşly geý Şokir Şawkatowyň ölümi bilen bagly detallary ýaýratdy.

Resmi maglumatlara görä, 11-nji sentýabrda ýerli wagt bilen sagat 21:30-da 28 ýaşly Odiljon Ý. Şokir Şawkatow tarapyndan kireýine alnan kwartira barýar. Olar sosial ulgamda tanyşýarlar.

“Kwartirada olaryň arasynda konflikt döreýär. Netijede Odiljon Şokiryň boýnunyň we eliniň töwereklerini ençeme gezek pyçaklaýar. 12-nji sentýabrda sagat 11:00 töweregi 25 ýaşly Şokiryň bir goňşusy onuň gapysynyň töwereginde gana çalym edýän yzlary görýär. Ol aýal bu barada kwartiranyň eýesine habar berýär. Jaýyň eýesi bu ýere baransoň, kwartirada Şokiryň jesedini görýär we bu barada “102” gullugyna habar berýär. Kwartirada geçirilen barlaglaryň netijesinde intim gatnaşyklaryň yzlarynyň üsti açyldy” diýlip, Daşkentiň Içeri işler departamentiniň maglumatynda aýdylýar.

25 ýaşly Sokir Şawkatowyöldürmekde güman edilýän adam geçirilen operatiw-gözleg işleri netijesinde tussag edildi. Onuň häzirki wagtda işsiz, Daşkentiň Almazar etrabynyň ýaşaýjysy Odiljon Ý. bolandygy anyklanýar.

Daşkentiň Ýunusabat etrap prokuraturasynyň bir işgäriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna anonim şertde beren maglumatyna görä, Şokir Şawkatowyň öldürilmegi bilen bagly Özbegistanyň Jenaýat Kodeksiniň “p” punktynyň 97-nji maddasy (Adamlaryň topary ýa guramaçylykly toparyň agzasy ýa-da onuň bähbidine amala aşyrylan bilkastlaýyn adam öldürmek) boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Daşkentde 25 ýaşly geýiň öldürilmegi barada geçen hepdäniň aýagynda habar beripdi.

Sokir Şawkatowyň dostlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistine bu betbagtçylygyň 12-nji sentýabrda bolandygyny gürrüň berdiler. Şol güni Şawkatow LGBT jemgyýetiniň arasynda tanalýan klubda bolan mahaly, ony 40 ýaşlaryndaky iki adam, öňe sürülmegine görä, kwartira alyp gidýär we ol ýerde ony ilki urup-ýençýärler, soňra-da pyçaklaýarlar. Şawkatowyň jesedi tapylanda, onuň teninde pyçak ýaralary bolýar.

Şawkatowyň dostlarynyň aýtmagyna görä, bu wakadan iki gün öň kanun goraýjy organlar şol klubda reýdleri geçirip, ortaça 10 sany geýi saklaýarlar. Şonda Şokir Şawkatowy alyp giden iki adam özüni etika polisiýasynyň wekili diýip tanyşdyrýar.

Şawkatowyň dostlary wakadan bir gün öň onuň öz orientasiýasy barada Instagram sosial ulgamynda gürrüň berendigini aýdyp, jenaýatyň öldürileniň jynsy orientasiýasy bilen baglydygyny öňe sürýärler.

Özbegistanyň LGBT jemgyýeti 25 ýaşly geýiň öldürilmegi bilen bagly çuňňur aladalanma bildirdi we häkimiýetlerden jynsy azlyklary öz gorag astyna almagy talap etdi.

LGBT jemgyýetiniň wekilleri Şokir Şawkatowyň öldürilmegini “gorkuzmak akty” diýip hasaplaýarlar.

Özbegistanda “beçebazlyk” aram jenaýat hasaplanyp, munuň bilen aýyplanýanlar bir ýyldan üç ýyla çenli aralykda azatlykdan mahrum edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýär.

Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Özbegistan gomoseksuallygy jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.

Özbegistan we Türkmenistan öňki sowet giňişligindäki döwletleriň arasynda gomoseksual gatnaşyklar üçin jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýan ýeke-täk ýurtlardyr.

Ýatlatsak, 2018-nji ýylyň maýynda Özbegistan Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça LGBT jemgyýetine degişli 11 rekomendasiýasyny kabul etmedi.

Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça milli merkeziniň direktory Akmal Saidow özbek häkimiýetleriň bu karary barada kommentariý berip, ret edilen rekomendasiýalaryň ýurduň Jenaýat Kodeksiniň 120-nji maddasyna gapma-garşy gelýändigini aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG