Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleri Pars aýlagynda bir gäminiň ele salnandygyny aýtdy


Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleriniň gämisinden düşürilen surat. Arhiw suraty

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleri Pars aýlagynda bir gämini ele salandyklaryny aýdyp, ony kontrabanda ýollar arkaly dizel ýangyjyny Birleşen Arap Emirliklerine alyp gitmekde aýyplady.

Ýarym-resmi ISNA habar agentligi Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleriniň Bandar-Lengeh port şäherindäki komandirine salgylanyp, 16-njy sentýabrda 250 müň litr dizel ýangyjyny alyp barýandygy aýdylýan gäminiň Eýranyň Pars aýlagyndaky Beýik Tanb adasynyň golaýynda ele salnandygyny habar berdi.

“Bu zynjyryň ekipaž agzalary tussag edildi we ýurduň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň sud häkimiýetlerine gowşuryldy” diýip, ISNA habar agentligi komandir Sardar Azaminiň sözlerini sitirledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG