Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň topary Özbegistanda, 14-16-njy sentýabrda Hywanyň “Içankala” döwlet muzeý-goraghanasynda geçirilen “Tansyň jadysy” atly halkara festiwalynda birinji orna we 2 müň amerikan dollary möçberindäki pul baýragyna mynasyp boldy. Bu barada "Türkmenportal" neşiri habar berýär.
Daşoguz welaýatynyň “Dessan” tans ansambly küştdepdi tansy bilen çykyş etdi, at gazanan artistler Guwanç Otuzow, Dursunjemal Gazakowa halk aýdymlaryny aýtdy.
Tans boýunça halkara festiwaly Horezm oblastynyň häkimligi, Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komiteti tarapyndan gurnaldy.
Oňa 20 ýurtdan, şol sanda Angliýa, Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Orsýet, Kuweýt, Malaýziýa, Hindistan, Hytaý ýaly ýurtlardan 100-e golaý tansçy gatnaşdy.