Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington saudlylaryň nebit desgalaryna edilen hüjümi derňeýär, Pompeo saudlylar bilen maslahatlaşmaga barýar


Wise-prezident Maýk Pens. Arhiw suraty
Wise-prezident Maýk Pens. Arhiw suraty

Wise-prezident Maýk Pens (Mike Pence) ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň ýaran ýurduň bähbitlerini “goramaga taýýardygyny” aýdýar, döwlet sekretary Maýk Pompeo hepde ahyrynda Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna edilen hüjüme “gaýtawul bermegi maslahatlaşmak üçin” Saud Arabystanyna gitdi.

Pens 17-nji sentýabrda Waşingtondaky Miras fondunda sözlän sözünde Birleşen Ştatlar bu hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygyny aňladýan subutnamalary gaýtadan gözden geçirýär we prezident Donald Tramp “öňdäki günlerde görülmeli iň gowy çäreler” barada karara gelmezinden öň ýaranlary bilen maslahatlaşýar diýdi.

ABŞ-nyň ady aýdylmadyk üç resmisiniň aýdan sözleri sitirlenýär, olar 14-nji sentýabrda saudlylaryň nebit ýatagyna we dünýäniň iň uly çig nebit işleýän kärhanasyna urlan zarbalaryň, ganatly raketalaryň we dronlaryň günorta-günbatar Eýrandan uç alandygyny öňe sürýär.

Eýran özüniň Ýemeniň huti gozgalaňçylary tarapyndan boýun alnan howa hüjümlerine dahylynyň ýokdugyny aýdýar. Eýran tarapyndan goldanylýan huti pitneçileri bu hüjümde özleriniň dronlary ulanandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG