Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan häkimiýetleri jemgyýetçilik gazabyndan soň gyzlar üçin eşik düzgünini ýatyrýar


Pakistan. Okuwcy gyzlar.
Pakistan. Okuwcy gyzlar.

Ýurt boýunça bildirilen gahar-gazapdan soň, demirgazyk-günbatar Pakistanyň Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň häkimiýetleri iki şäherde mekdepde okaýan gyzlaryň başlaryny örtýän eşikleri geýmegi barada çykaran kararlaryny yzyna aldylar.

Premýer-ministr Imran Hanyň dolandyryjy Tehrikeýe-Ynsap partiýasy 17-nji sentýabrda twitterde welaýat hökümetiniň bu buýruklaryny ýatyrandygyny aýtdy we “adamlar özleri üçin rahat zady saýlamakda azat-erkin” diýdi.

Welaýat paýtagty Peşawaryň etrap bilim resmileri bir gün öň hökümet ýolbaşçylarynyň mekdepler babatdaky görkezmesini çap etdi. Ol görkezmede okuwçy gyzlaryň ählisiniň, özlerini etika sygmaýan hadysalardan goramak üçin, çadyra geýmelidigi aýdylýar.

Şeýle-de görkezmede bu meselä iň gaýragoýulmasyz we wajypdan wajyp mesele hökmünde çemeleşilmelidigi aýdylýar. Mundan öň welaýatyň Haripur şäherinde hem mekdeplere şeýle görkezme berlipdi.

Welaýatyň baş ministriniň geňeşçisi Ziaullah Bangaş bu çäräniň tutuş welaýatda durmuşa geçirijekdigini aýtdy.

Bu ýagdaý sosial mediada uly galmagal döretdi we aktiwistler ony ozalam juda konserwatiw ýurtda aýallaryň hukuklarynyň has çäklendirilmegi hökmünde ýazgaryp çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG