Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus aktýorlary türmä basylan kärdeşlerine raýdaşlyk bildirip, Moskwada ýeke-ýekeden proteste çykdylar


Moskwa. "Men, sen, tutuş ýurt" diýen şygary göterip duran adam.
Moskwa. "Men, sen, tutuş ýurt" diýen şygary göterip duran adam.

Rus aktýorlary Moskwadaky prezident diwanynyň öňünde 3 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilen Pawel Ustinowa çykarylan türme hökümine garşy şahsy protestlerini bildirdiler, ol geçen aý bolan protestler mahalynda polisiýa garşy zorluk ulanmakda aýyplandy.

Emma sud edilen özüniň bu protestlere asla gatnaşmandygyny aýdyp, öz diýenini berk tutýar.

100 çemesi aktýor 18-nji sentýabrda gezekleşip, hersi bir minut çemesi wagt Ustonowyň azatlyga çykarylmagyny talap edýän plakaty tutup durdy.

Rus kanunçylygy ýekelikdäki protest piketleriniň häkimiýetlerden resmi ygtyýarnama almazdan geçirilmegine hem rugsat berýär.

Bu aksiýanyň geçirilýän wagtynda polisiýa işgärleri hem boldy we bir ofiser, protestçileriň şol bir plakaty alyp çykýandyklaryny, munuň köpçülükleýin protest hasaplanyp bilinjekdigini aýdyp, ara goşulmaga synanyşdy.

"Pawel Ustinowy azat et" diýen şygary göterip duran aýal. 18-nji sentýabr, 2019.
"Pawel Ustinowy azat et" diýen şygary göterip duran aýal. 18-nji sentýabr, 2019.

Emma aktýorlar her protestçiniň plakaty epläp ýerde goýjakdygyny we indikiniň ony ýerden alyp, göterip durjakdygyny aýdyp, garşy çykansoňlar, polissiýa işgäri bu ýeri terk etdi. Sebäbi ýeke adamlyk protestlerde indiki protestçi plakaty ýerden galdyrsa, ol barybir ýeke adamlyk protest hasaplanylýar.

Şondan soňra ýekelikde protest bildirýänleriň ellerinde “Indiki gezek kimiňki?” we “Men, sen we tutuş ýurt” diýen ýazgyly plakatlar hem peýda boldy.

Moskwa sudy Ustinowy 3-nji awgustda guralan protest ýygananyşygy mahalynda polisiýa ofiserini dilde, söz bilen masgaralamakda hem-de Milli gwardiýanyň ofiserine hüjüm etmekde aýyplap, 16-njy sentýabrda türme tussaglygyna höküm etdi.

Ustinow sudda özüniň günäkär däldigini, sebäbi geçen aý aktiwistleriň häkimiýetleriň 8-nji sentýabrda Moskwanyň şäher geňeşine geçiriljek saýlawlara oppozision we garaşsyz kandidatlary hasaba almazlygyna garşy geçiren protestlerine özüniň gatnaşmandygyny aýtdy.

Ustinowyň tussag edilmegi ýurduň tomaşa pudagynyň wekillerinde, şol sanda mugallymlarda we hatda Moskwanyň şäher geňeşiniň käbir agzalarynda hem uly gahar-gazap döretdi.


3-nji awgustdaky ýygnanyşyk Moskwanyň köçelerine on müňlerçe protestçiniň çykmagyna getiren demonstrasiýalar tolkunynyň çäginde bolup geçdi.

Polisiýa bu protestleriň birnäçesini zorluk we güýç bilen dargatdy we 2 müňden gowrak adamy tussag edip, halkara ýazgaryşlaryna sezewar boldy.

Tussag edilenleriň bir toparyna iş kesilip, türme hökümleri hem çykaryldy.

XS
SM
MD
LG