Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Moskwa ýygnanyşygynda protestçileri, oppozisiýa agzalaryny urdy we tussag etdi


 Ýaralanan oppozision deputat Aleksandra Paruşina
Ýaralanan oppozision deputat Aleksandra Paruşina

Moskwa polisiýasy şäher geňeşine saýlanmak üçin kandidat boljak oppozisiýa wekilleriniň dalaşgär hökmünde hasaba alynmazlygyna garşy çykan demonstrasiýaçylary dargatjak bolup, protestçiler bilen bilelikde, oppozisiýadaky syýasatçylary hem urdy we tussag etdi.

Moskwa polisiýasy 27-nji iýuldaky ygtyýar berilmedik demonstrasiýada, rus paýtagtynyň ýokarlandyrylan howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, 1 müňden gowrak demonstrasiýaçyny tussag edendigini aýtdy.

Tutulanlaryň arasynda oppozisiýa agzalary, şol sanda Iwan Ždanow, Ilýa Ýaşin we Dmitriý Gudkow dagy hem bar.

Oppozisiýa lideri, şäher geňeşine dalaş etmek üçin hasaba durmak synanyşygy saýlaw resmileri tarapyndan ret edilen Lýubow Sobol, şäher geňeşiniň deputaty Ýulia Galiamina 27-nji iýulda merkezi Moskwadaky ýygnanayşyga gelýän wagtlarynda polisiýa tarapyndan saklandy.

Emma Sobol, Ždanow, Galiamina dagy soňra, 27-nji iýulda, protestleri Moskwanyň Trubnaýa metro stansiýasynyň ýanynda dowam etdirmäge çagyranlaryndan soň, onlarça demonstrasiýaçy bilen bilelikde hem tussag edildi.

XS
SM
MD
LG