Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Burýatiýada Putini Kremlden kowmak üçin Moskwa gelýän şamany tussag etdiler


Aleksandr Gabyşew

19-njy sentýabrda Burýatiýada ýakut şamany Aleksandr Gabyşew tussag edildi, ol rus prezidenti Wladimir Putini Kremlden kowmak üçin Moskwa gelýärdi.

Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň maglumatyna görä, onuň Irkutsk oblastynyň Wydrino şäherçesinde ýerleşen lagerine gije birnäçe maşyn geldi.

Şamanyň tarapdarlarynyň biriniň düşüren wideosy çap edildi, ol ýüzleri perdeli adamlaryň şamanyň çadyrynyň daşyny gabandygyny gürrüň berdi.

Çadyra kürsäp urdular, ony ýere ýykdylar. Bir topar adam, awtomatly, dubinkaly. Hiç zat geplemediler. Biz kimiň ulusydygyny soradyk, näme bolup geçýänini anyklajak bolduk. Ony tussag etdiler. Diňe Saşa Şamany tussag etdiler, başga hiç zat bolmady. Hiç kim hiç dokument görkezmedi” diýip, ol aýtdy.

"Ony maşyna mündürdiler we näbelli tarapa alyp gitdiler" diýip, şamanyň tarapdarlary gürrüň berdi.

Şamanyň ogurlanyşyny gözi bilen gören şaýat “ýoluň ýörite gulluklaryň ýaragly işgärleri tarapyndan ýapylandygyny” aýtdy.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, maskaly adamlaryň ellerinde diňe ýaraglary we el çyralary bardy. Şamanyň lagerinejemi 40 çemesi adam geldi.

Häzir Gabyşewiň nirede saklanylýandygy belli däl.

Ýerli häkimiýetler şamanyň tussag edilendigi barada resmi beýanat etmedi.

Şaman Aleksandr Gabyşew Moskwa tarap ýörişini dört aý ozal başlady. Ol Moskwa iki ýylda pyýada ýöräp barjakdygyny yglan etdi. Ol Putini özüniň “gara güýçleriň döreden zady” hasaplaýandygyny we onuň garşysyna diňe şaman durup biler diýip pikir edýändigini aýtdy.

Ol pyýada iki müň kilometr ýol geçdi we ýöriş wagtynda ýüzlerçe ýük maşyn sürüjisi we beýleki adamlar bilen söhbetdeş bolup, meşhurlyk gazandy. Onuň adamlar bilen gürleşýän wideolary sosial mediada paýlaşylyp, millionlarça adama ýetdi.

Gabyşew sentýabryň başynda Sibiriň Burýatiýa sebitine geldi, Tengeri dini guramasynyň ýerli şamanlary onuň ýolundan saklamaga çalyşdylar we eger ol Moskwa tarap ýörişini dowam etdirse, onuň gaýdyp şaman hasaplanmajakdygyny aýtdylar.

Gabyşew Burýatiýanyň paýtgaty Ulan-Ude şäherine girmedi, emma ýörişini dowam etdirdi. Şu aralykda Ulan-Ude polisiýasy onuň tarapdarlarynyň käbirini tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG