Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti daşary işler ministrini we diwan başlygyny täzeledi


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň daşary işler ministrini we prezident diwanynyň başlygyny täzeledi.

Tokaýewň edarasy 18-nji sentýabrda Mukhtar Tleuberdiniň Beibut Atamkuloyň ýerine daşary işler ministri weizepesine bellenendigini aýtdy, öňki daşary işler ministri senagat we infrastruktura ministri boldy.

Daşary işler ministrliginiň websaýty Tleuberdiniň 2016-njy ýyldan bäri daşary işler ministriniň birinji orunbasary bolup işländigini aýtdy.

Prezidentiň edarasy Krymbek Kuşerbaýewiň prezident diwanynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, döwlet sekretary wezipesine, “başga işe geçirilen” Marat Tažiniň ornuna geçirilendigini aýtdy.

Karaganda regonynyň ozalky başlygy Ýerlan Koşanow Kuşerbaýewiň ornuna prezident diwanynyň başlygynyň ornuna geçirildi.

Tokaýewiň edarasynyň gysgaça beýanatynda kadr çalyşmalarynyň anyk sebäbi düşündirilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG