Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwa prokurorlary suddan türmä basylan aktýory höküm güýjüne girmezden öň boşatmagy soraýarlar 


Pawel Ustinow

Moskwanyň şäher prokuraturasy suddan geçen aýdaky protestler mahalynda polisiýa garşy zorluk ulanmakda aýyplanan we üç ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilen aktýor Pawel Ustinowy höküm güýjüne girmezinden öň boşatmaga çagyrýar.

Ustinowyň aklawçysy Anatoliý Kuçerena “Interfaks” habar agentligine 19-njy sentýabrda Moskwanyň şäher sudunyň prokuraturanyň öz müşderisini höküm güýjüne girmezinden öň boşatmak baradaky haýyşyna seretjekdigini aýtdy.

Emma ol eger hökümden şikaýat edilen bolsa we sudda diňlenen bolsa, munuň bolmajagyny hem sözüne goşdy.

Ustinowyň hökümden şikaýat etmek üçin 26-njy sentýabra çenli wagty bar, diýmek, Kuçerena munuň bolup biljek zatdygyny aýtdy.

Aklawçynyň bu beýanaty tussag edilen aktýoryň goragyna 100 çemesi kärdeşiniň çykyp, ýekelikde protest bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG