Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Protestçi aýallar gazak liderleriniň özleri bilen duşuşmagyny talap etdiler


Protestçi aýaly alyp barýan polisiýa işgärleri. Almaty,10-njy iýun, 2019.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda onlarça aýal dolandyryjy Nur-Oton partiýasynyň edara jaýynyň öňünde ýygnanyp, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň özleri bilen duşuşmagyny talap etdi.

Protestçiler 19-njy sentýabrdaky ýygnanyşykda prezident Tokaýewden we Nur Oton partiýasynyň liderlerinden köp çagaly maşgalalary, ýekelikde çaga terbiýeleýän eneleri maliýe taýdan goldamak, olary düzüwli jaýlar bilen üpjün etmek barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeklerini talap etdiler.

Polisiýa protestçileriň binanyň içine girmek synanyşyklarynyň öňüni aldy.

Kanun çykaryjy Lazzat Suleimen gürleşmek üçin aýallaryň ýanyna çykyp, olara beriljek kömegiň maslahat edilýändigini düşündirmekçi boldy. Emma protestçiler onuň bilen gepleşmekden boýun gaçyrdylar.

Fewral aýynyň başynda paýtagtda bir maşgalanyň jaýy otlanyp, bäş çagasy ýanyp ölenden soň, ýurduň çar künjeginde ýaşaýyş şertleriniň ýaramazlygy we maliýe ýetmezçilikleri bilen bagly nägilelik protestleri geçirildi. Bu betbagtçylyk ol çagalaryň ene-atasynyň ikisiniň hem eklenç üçin gijeki smenada işleýän wagtynda boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG