Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ korrupsiýa sebäpli Kabula berilmeli $160 million kömegi kesýär


Döwlet sekretary Maýk Pompeo
Döwlet sekretary Maýk Pompeo

Birleşen Ştatlar Kabuly aýgytlaýjy prezident saýlawlaryna 10 günden hem galanda başyna goýberilen korrupsiýada aýyplap, Owganystana niýetlenen 160 million dollarlyk kömegi kesýändigini aýtdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo 19-njy sentýabrda Waşingtonyň parahorluk we wezipeli adamlaryň düzgün bozmalary sebäpli 100 million dollar çemesi serişdäni, Owganystanda uly energiýa infrastrukturasy taslamasy üçin beriljek puly yzyna, ABŞ-nyň gaznasyna iberýändigini aýtdy.

Pompeo “Owganystanyň hökümetindäki korrupsiýa we maliýe serişdeleriniň nädogry dolandyrylmagyna” salgylanyp, bu karara Kabulyň “ABŞ hökümetiniň berýän serişdelerini açyk-aýdyňlyk şertlerinde ulanyp bilmezliginiň” sebäp bolandygyny aýtdy.

Muňa derek, Birleşen Ştatlar infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek üçin býujetden daşardaky serişdeleri ulanmak kararyna geldi. Ýene 60 million dollar kömek bolsa, owgan hökümetiniň gümürtik ýagdaýda amala aşyrýan söwdalary sebäpli saklandy.

Bu çäreler prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlet prezidentlige bäşleşige çykýan wagtynyň, 28-nji sentýabrda geçýän prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda görülýär.

XS
SM
MD
LG