Pentagon prezident Donald Trampa ABŞ liderleriniň Saud Arabystanynyň nebit senagatyna edilen we adminstrasiýa wekilleriniň köpüsi tarapyndan Eýrandan görlen hüjümler babatda görüp biljek çäreleri barada bir topar harby çäre teklibini hödürlemekçi bolýar.
Harbylar 20-nji sentýabrda Trampa, beýleki mümkin bolan jogap çäreleriniň arasynda, Eýranyň içinde howa zarbalaryny urup boljak ýerleriň sanawyny görkezer diýip, bu meselelerden habarly ABŞ resmileri anonimlik şertinde AFP habar agentligine aýtdylar.
Şeýle-de resmiler Pentagonyň Trampa Eýrana garşy harby çäre görmegiň doly ýaragly konflikte ýazmak ähtimallygyny duýdurandyklaryny aýtdylar.
Eýrana garşy görüljek islendik jogap çäresi ABŞ we saud derňewçileriniň 14-nji sentýabrda Eýrandan atylandygy aýdylýan ganatly raketalar we dron zarbalary barada tapyp biljek subutnamalaryna bagly bolar.
Adminstrasiýa resmileriniň birnäçesi, şol sanda döwlet sekretary Maýk Pompeo bu hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygyny nygtady.
Eýran bu aýdylýanlary ret etdi we Birleşen Ştatlaryň islendik hüjüminiň Tähran bilen hemme taraplaýyn urşa alyp geljekdigini duýdurdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.