Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň polisiýasy geçmesiz ýerden geçýän pyýadalara jerime salmagyny güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygyna” bagyşlanýan biraýlyk dowam edýän mahalynda, Mary şäheriniň polisiýa işgärleri köçelerdäki geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalary saklap, olara jerime salmak çärelerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Polisiýa işgärleri şäheriň dürli köçesinde, hususan-da, pyýadalar üçin geçelgeleriň ýok ýerlerinde bukulyp durýarlar. Köçe-ýol düzgünini bozan pyýadalar ýoluň beýleki tarapyna geçen badyna ony polisiýanyň bir esgeri çagyrýar we gyrada bukulyp duran polisiýa awtoulagynyň ýanyna alyp gidýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 20-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, awtoulagyň içinde oturan Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri saklanan raýata pyýadalar üçin niýetlenen ýörite geçelgelerden geçmändigini aýdyp, 12 manat möçberinde pul jerimesini ýazýarlar. Käbir polisiýa işgärleri bolsa, ýaşaýjylardan çilim, şerbet suwy, süýji-köke ýaly azyk önümlerini satyn alyp bermegi soraýarlar.

Şol bir wagtda, habarçy Mary şäheriniň köçeleriniň aglabasynda pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň aralarynyň juda uzakdygyny, käbir köçeleriň çatrygynda bolsa geçelgeleriň düýbünden ýokdugyny belledi.

“Pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň käbiriniň arasy ýüzlerçe metr. Mysal üçin, Gurbansoltan eje we Agzybirlik köçeleriniň çatrygynda pyýadalar üçin hiç hili geçelge ýok. Onsoň adamlar çem gelen ýerden geçmäge mejbur bolýar. Üstesine-de, polisiýa işgärleri adamlar ýoldan geçjek wagty hiç zat diýmeýärler. Olar adamlaryň köçäni kesip, beýleki tarapa geçmegine garaşýarlar. Şondan soňra olary saklaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Galyberse-de, habarçy maryly ýaşaýjylar bu köçelerden mundan ozal hem geçip ýörendiklerini aýdyp, polisiýa işgärlerinden bu çäreleriň edil häzirki wagt amala aşyrylmagynyň sebäplerini soranda, olaryň şeýle jogap berýändigini belledi:

“Ýurtda ‘Ýol hereketiniň howpsuzlygyna’ bagyşlanýan biraýlyk gutarýança, ýagny sentýabryň ahyryna çenli geçilmesiz ýerlerden geçmek bolanok. Soň ýene hemme zat öňki-öňkülik bolar” diýip, habarçy bir polisiýa işgäriniň sözlerini sitirledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada PÝGG-niň Mary welaýatyndaky edarasyndan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden maglumat almak başartmady.

Türkmenistanda her ýylyň sentýabry “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygy yglan edilýär. Bu biraýlygyň dowamynda ýurduň ähli regionlarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklary pyýadalara we ulag sürüjilerine edýän gözegçiliklerini güýçlendirýärler.

16-njy awgustda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) biraýlygyň çäginde geçirilýän çärelere ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň çekiljekdigini, olaryň mowzuklaýyn wagyz-nesihat işlerine gatnaşdyryljakdygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň onlarçasy biraýlygyň dowamynda köçelerde polisiýa işgärleriniň sanynyň juda köpelýändigine we munuň ýaşaýjylardan “para almak aýyna öwrülýändigine” ünsi çekýärler.

Türkmenistanda häzirki wagt hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, pyýadalaryň geçmesiz ýerlerde ýoluň gatnalýan böleginden geçmegi halatynda duýduryş berilýär ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 böleginden 0,2 bölegine çenli möçberde jerime salynýar.

2014-nji ýylda güýje giren karara laýyklykda bolsa, binýatlyk möçberi 100 manat möçberinde kesgitlendi. Netijede, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň” 231-nji maddasyna laýyklykda, pul jerimesiniň möçberi 10-20 manat aralygynda bolmaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG