Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmä basylan rus aktýory Pawel Ustinow Moskwada azatlyga goýberildi


Pawel Ustinow türmeden boşadyldy.
Pawel Ustinow türmeden boşadyldy.

Moskwa sudy, jemgyýetçilik gahar-gazabynyň çäginde, geçen aýda bolan protest wagtynda polisiýa garşy güýç ulanmakda aýyplanyp, üç ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilen aktýor Pawel Ustinowyň türmeden boşadylmagyna we hökümden şikaýat edýän wagtynda öýünde bolmagyna rugsat berýän karar çykardy.

Ustinow özüniň geçen aýda bolan proteste asla gatnaşmandygyny aýdýar.

Moskwanyň şäher sudy 20-nji sentýabrda 23 ýaşyndaky aktýoryň şikaýat diňlenişigi tamam bolýança Moskwadan çykmagyna rugsat berilmeýändigini aýtdy.

Ustinow häkimiýetleriň şu aýyň başynda geçirilen ýerli saýlawlara oppozisiýa kandidatlarynyň goýberilmezligine garşy guralan syýasy protestler mahalynda tussag eden we ýyl kesen birnäçe orsýetlisiniň diňe biri bolup durýar.

Sud Ustinowy 3-nji awgustdaky protest mahalynda polisiýany dilde masgaralamakda we Milli gwardiýanyň ofiserine hüjüm etmekde günäli tapyp, 16-njy sentýabrda 3 ýarym aýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ozal özi hem Milli gwardiýanyň ofiseri bolup işlän Ustinow özüniň bigünädigini, aktiwistler şäher häkimiýetleriniň oppozisiýa kandidatlaryny Moskwa şäher geňeşine geçirilýän saýlawlarda bäsleşmek üçin hasaba almazlygyna garşy çykýan wagtynda özüniň gyrada durandygyny, proteste gatnaşmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG