Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Jeenbekow post-sowet giňişliginde integrasiýa prosesini maslahatlaşýar


Rus prezidenti Wladimir Putin gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen görüşýär.
Rus prezidenti Wladimir Putin gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bilen görüşýär.

Rus prezidenti Wladimir Putin we gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Orsýetiň Orenburg şäheriniň golaýynda duşuşyp, ikitaraplaýyn we regional gatnaşyklar we post-sowet zamanasynda integrasiýa hakynda maslahat etdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 20-nji sentýabrda žurnalistlere iki prezidentiň rus-gazak serhediniň golaýyndaky Donguz harby synag meýdançasynda gurnalan harby maşklary synlanlaryndan soň, “örän jikme-jik gepleşik” geçirendigini aýtdy.

Olaryň syn eden harby oýunlaryna Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Özbegistanyň harby birikmeleri gatnaşdy.

"Iki prezident häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklara degip geçdi we regional meseleler boýunça, şol sanda post-sowet sferasyndaky integrasiýa prosesine degişli meseleler barada pikir alyşdy” diýip, Peskow aýtdy.

Harby oýunlara syn etmäge Jeenbekowdan başga daşary ýurt lideri gelmedi.

XS
SM
MD
LG