Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tbiliside müňlerçe adam hökümete garşy proteste çykdy


Utanç raýat hukuklary hereketini gurnaýjylaryň biri Şota Digmelaşwili
Utanç raýat hukuklary hereketini gurnaýjylaryň biri Şota Digmelaşwili

Orsýetiň täsirine garşy gurnalan we güýç bilen dargadylan protestlerden üç aý soňra, hökümete we dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasyna garşy protest bildirmek üçin, müňlerçe adam Tbilisiniň merkezine proteste çykdy.

20-nji sentýabrdaky protestçiler şäheriň esasy magistraly bolan Şota Rustaweli köçesini baglap, “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasynyň lideri, milliarder biznesmen we ozalky premýer-ministr Bidzina Iwanişwilini tankytlaýan şygarlary galdyrdylar. Tankytçylar ony ýurdy sahnanyň arkasyndan dolandyrmakda aýyplaýarlar.

“Bidzina Iwanişwiliniň bir taraply, oligarh, näresmi dolandyryşy biz üçin kabul ederlik däl” diýip, Utanç raýat hukuklary hereketini gurnaýjylaryň biri Şota Digmelaşwili özüniň 2020-nji ýyldaky parlament saýlawlary üçin hereket plany bilen tanyşdyranda, mähellä ýüzlenip aýtdy.

Utanç hereketi soňky aýlarda Tbiliside parlament binasynyň daş işiginde her gün protest geçirýär.

XS
SM
MD
LG