Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsürliler protest çykyp, Sisiniň işden çekilmegini talap etdiler


Morsi tarapdarlary göz ýaşardýan gazdan gaçýar, Kair, 6-njy oktýabr, 2013.

Müsüriň şäherleriniň birnäçesinde hökümete garşy seýrek duşýan protest bildirildi, demonstrasiýaçylar prezident Abdel Fattah al-Sisiniň işden çekilmegini talap etdiler.

Müsüriň Ykdysady we sosial hukuklar merkezi 21-nji sentýabrda onlarça adamyň, şol sanda iki žurnalistiň tussag edilendigini, emma pidalar barada maglumat berilmändigini aýtdy.

Köçelerdäki çaklaňja protestleriň köpüsi pitnä garşy polisiýanyň dürreleri we göz ýaşardyjy gaz ulanmagy netijesinde derrew dargadyldy.

Sisi häkimiýet başyna gelmezinden öňem nägilelikleri basyp ýatyrmak tejribesi uly bolan ýurtda protest aksiýalary örän seýrekleşdi. Emma muňa garamazdan, internetde prezidente garşylyklaryny görkezmäge edilen çagyryşdan soň, Suez şäherinde ýüzlerçe adam tapgyr ikinji gije köçelere çykdy.

Bosgunlykdaky biznesmen Muhammad Ali müsürlileri köçelere çykyp, protest bildirmäge çagyrdy. Harbylar we hökümet ony, delil getirmezden, korrupsiýada aýyplaýar.

Ozalky goşun generaly Sisi syýasy oppozisiýany basyp ýatyrmakda, tankytçylary susdurmakda we müňlerçe adamy türmä basmakda tankyt edilýär.

21-nji sentýabrda paýtagt Kairde, Tahrir meýdançasynyň golaýynda birnäçe ýüz adam proteste toplandy.

Howpsuzlyk güçýleri Kairde azyndan 74 adamy tussag etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG