Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Zelenskiý bilen Biden barada gürleşendigini tassyklady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iýulda Ukrainanyň prezidenti bilen Joe Biden barada gürleşendigini tassyklady.

Tramp 22-nji sentýabrda çykyş edip, 25-nji iýulda Wolodymyr Zelenskiý bilen gürleşende “biz wise-prezident Biden we onuň ogly ýaly adamlarymyzyň” Ukrainadaky parahorlyga goşant goşmagyny islemeýäris diýip, aýdandygyny belledi.

Demokrat Bideniň 2020-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Respublikan Trampyň esasy bäsdeşi bolmagyna garaşylýar.

20-nji sentýabrda The Wall Street Journal Trampyň Zelenskiý bilen sekiz sapar gürleşip, Bideniň Ukrainadaky hereketlerini seljermäge çagyrandygy barada makala çap etdi.

Bu Kongresdäki Demokratlaryň arasynda Trampyň hereketiniň mejbur ediş häsiýete eýe bolup-bolmandygy barada soraglary döretdi.

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw boýunça komitetiniň başlygy, Demokrat Adam Şhiff eger-de derňew Trampyň ukrainaly kärdeşine ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Bideni derňemek boýunça basyş edendigini görkezse, onda impiçmentiň ýeke-täk çözgüt boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG