Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa saudlaryň nebit desgasyna edilen hüjüme Eýranyň jogapkärdigini aýdýar


Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson
Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson

Premýer-ministr Boris Jonson Britaniýa 14-nji sentýabrda Saud Arabystanyň nebit desgalaryna edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygy baradaky netijä geldi diýip, belledi. Şeýle-de ol şalygyň goraglylygyny güýçlendirmek ugrundaky ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa goşulmak meselesini seljerjekdigini hem aýtdy.

Şol bir wagtda, Jonson Britaniýanyň öz ýaranlary bilen Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklary “gowşatmak” ugrunda tagalla etjekdigini hem sözüne goşdy.

Konserwatiw premýer-ministr dronlar we ganatly raketalar bilen edilen “hüjümiň jogapkärçiligini, uly ähtimallyk bilen, Eýranyň üstüne ýükleýär” diýip, belledi.

14-nji sentýabrda nebit desgasyna edilen hüjümden soň, Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklar ýitileşdi. ABŞ we Saud Arabystany hüjümi amala aşyrmakda Eýrany aýyplaýar.

Eýran hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG