Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 868 tussagy türmeden boşatdy


Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň günä geçişlerde köplenç goýberilmeýändigini aýdýarlar. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň günä geçişlerde köplenç goýberilmeýändigini aýdýarlar. (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 868 bendiniň günäsini geçdi. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Resmi habara görä, günä geçiş Türkmenistanyň “Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli” geçirilipdir. Bu ýyl Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabrda bellenilýär.

Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy diýip, TDH belleýär.

Ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçişi yglan etmek çäresi, prezident G.Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri ýylda birnäçe gezek baýramçylyklaryň öňüsyrasynda geçirilýär.

Prezidentiň türmeden goýberilýän tussaglary işe ýerleşdirmek talaby hem her günä geçişde diýen ýaly öňe sürülýär.

Emma öňki bendileriň sözlerine görä, olar iňňän seýrek ýagdaýda işe ýerleşmegi başarýarlar, tersine öňki tussaglar polisiýanyň gözegçiliginde saklanýarlar we dürli kemsitmelere sezewar edilýär.

Türkmen hökümeti ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýtadan jenaýata baş goşýandygy barada maglumat bermeýär. Türkmenistanda yglan edilýän günä geçişlerde türmeden çykýan bendileriň sanawlary we atlary köpçülige mälim edilmeýär.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda syýasy sebäplere görä tussag edilenleriň günä geçişlerde köplenç goýberilmeýändigini aýdýarlar. Halkara guramalarynyň türkmen türmelerinde dereksiz ýiten tussaglaryň ýöredýän sanawlarynyň düzümi gitdigiçe artýar.

Türkmenistan türme şertleri, raýatlaryň ýapyk sudlarda ýa-da kanun normalary doly berjaý edilmezden uzak möhletli jeza çärelerine höküm edilmegi, tussaglaryň daşarky dünýä bilen habarlaşyk bilmezligi we kähalatda gynamlara sezewar bolmagy sebäpli halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG