Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Khan Trampy owgan “Talybany” bilen gepleşikleri täzeden başlatmaga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan. Nýu-Ýork. 23-nji sentýabr, 2019 ý.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan. Nýu-Ýork. 23-nji sentýabr, 2019 ý.

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýüzlenip, owgan “Talybany” bilen parahatçylyk gepleşiklerini täzeden başlatmaga çagyrdy.

Khan bu barada 23-nji sentýabrda, Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäklerinde, Tramp bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda çykyş etdi.

“Owganystandaky durnuklylyk Pakistandaky durnuklylygy aňladýar” diýip, Khan sözüne goşdy.

Tramp ABŞ-nyň Owganystanda 18 ýyl bäri uruş alyp barmagyny “bolgusyzlyk” atlandyrdy, emma “Talyban” bilen gepleşikleri ýaňadandan başlatmak boýunça hiç hili wada bermedi. Tramp: “Biz göreris” diýdi.

Şu aýyň başynda Tramp jeňçi topary bilen gepleşikleri ýatyrypdy. Katarda dokuz tapgyr geçirilen gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň we “Talybanyň” araçylary Owganystandaky urşy togtatmak ugrunda tagalla edipdiler.

XS
SM
MD
LG