Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sentsow Russiýa garşy däl-de, Putiniň režimine garşy söweşýändigini aýdýar


Oleh Sentsow
Oleh Sentsow

Russiýanyň türmesinde bäş ýyl çemesi saklanan ukrainaly kino-režisýor Oleh Sentsow rus resmileriniň Ukrainany “tabyn etmek” isleýändiklerini aýtdy. Şeýle-de, ol ähli ukrainalylary ýurduň gündogar sebitlerinde dowam edýän urşy togtatmak ugrunda tagalla etmäge çagyrdy.

Sentsow bu barada tussaglykdan boşadylyp, Ukraina dolananyndan 16 gün soňra Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Sentsow söhbetdeşlikde Russiýa ýa-da ruslara garşy däl-de, eýse prezident Wladimir Putiniň režimine garşy söweşýändigini belledi.

“Men söweşmek diýenimde, Ukrainany tabyn etmek isleýän Putiniň režimine garşy durmak ugrunda işleşmegi göz öňünde tutýaryn” diýip, Sentsow 23-nji sentýabrda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda aýtdy.

“Bu Donbasdaky urşuň bes edilmegini, bendilerimiziň yzyna dolanmagyny, Krymyň yzyna gaýtarylmagyny aňladýar. Her bir ukrainaly bu ugurda tagalla etmelidir. Bu kimdir biriniň bir ýerä baryp, nämedir bir zatlary partlatmagyny aňlatmaýar. Bu beýle däl” diýip, Sentsow belledi.

Asly Krymly bolan Sentsow 2014-nji ýylda Russiýanyň Ukrainanyň bu sebitini basyp almagyna çürt-kesik garşy çykypdy.

Käri boýunça kino-režisýor Sentsow 2014-nji ýylyň maýynda Krymda tussag edildi we rus sudy tarapyndan 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG