Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa saud nebit desgalaryna hüjüm etmekde Eýrany aýyplaýarlar


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson bilen BMG-de duşuşýar. 23-nji sentýabr.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson bilen BMG-de duşuşýar. 23-nji sentýabr.

Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri saudlaryň nebit desgalaryna garşy edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygy baradaky ABŞ-nyň aýyplamalaryny goldap, Tährana “prowokasiýanyň” deregine dialogy saýlap almaga çagyryş etdiler.

“Biziň üçin iki nebit desgasyna garşy edilen dron we raketa hüjümlerine Eýranyň jogapkärdigi aýan” diýip, Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň we Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 23-nji sentýabrda ýaýradan bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, Ýewropanyň liderleri 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyna goldaw bildirip, beýanat ýaýratdylar. Şol bir wagtda, beýanatda Tähranyň ylalaşyň şertlerini berjaý etmekden el çekmegini bes etmegine çagyrylýar.

Ýewropa döwletleri Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklary gowşatmak ugrunda tagalla etjekdiklerini aýdyp, Eýrany “prowokasiýadan daş durmaga” çagyrdylar.

14-nji sentýabrda nebit desgasyna edilen hüjümden soň, Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklar ýitileşdi. ABŞ we Saud Arabystany hüjümi amala aşyrmakda Eýrany aýyplaýar.

Eýran hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG