Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda Eýran barada gürrüň etjekdigini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda etjek çykyşynyň dowamynda Eýran bilen dawanyň üstünde durup geçjekdigini mälim etdi.

“Biz Eýran barada gürrüň ederis” diýip, Tramp 23-nji sentýabrda žurnalistlere aýtdy.

“Biz häzir Eýrana köp basyş edýäris. Olar bular ýaly basyşy entek görmändiler” diýip, Tramp belledi.

“Eýran bilen baglylykda köp zatlar bolup geçýär. Siziň bilýäniňizden köp. Medianyň bilýäninden hem köp” diýip, Tramp sözüne goşdy.

Tramp 2017-nji ýylyň ýanwarynda häkimiýet başyna geçeninden soň, Tähran babatynda berk syýasaty ýöredip başlady. 2018-nji ýylyň maýynda ol 2015-nji ýylda Eýran we düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykdy.

Bu ylalaşyk Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.

Ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar oňa ygrarly bolup galsalar-da, Tähran onuň çäklerinde öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip başlady.

XS
SM
MD
LG