Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň Ýokary sudy: Parlamentiň işini saklamak boýunça ädim “bikanun” boldy


Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson
Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson

Britaniýanyň Ýokary sudy premýer-ministr Boris Jonsonyň parlamentiň işini saklamak boýunça ädiminiň “bikanun” bolandygy, şeýle-de kanunçykaryjy organyň işini islendik wagty başladyp biljekdigi barada höküm çykardy.

24-nji sentýabrda Ýokary suduň prezidenti Brenda Hale bu karar bilen ähli 11 kazynyň razy bolandygyny hem mälim etdi.

Jonsonyň parlamentiň işini 10-njy sentýabrdan 14-nji oktýabra çenli saklamak baradaky ädimi kanunçykaryjylaryň köpüsi tarapyndan ýiti tankyda uçrapdy.

Analitikler Jonsonyň muny Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak boýunça kesgitlän soňky möhletinden birnäçe hepde ozal bolup biljek çekişmeleriň öňüni almak synanyşygy jähtinden edendigini aýdýarlar.

Britaniýa 31-nji oktýabra çenli ÝB-niň düzüminden çykmagy maksat edinýär. Emma, parlament Britaniýanyň çykmagy bilen baglylykdaky şertleri tassyklamaly.

XS
SM
MD
LG