Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistandaky ýer titremede azyndan 22 adam öldi


Mirpur şäherinde bolan ýer titremede ýol jaýryldy. 24-nji sentýabr, 2019 ý.

Pakistanyň gündogar sebitlerinde 5.8 bal derejesinde bolan ýer sarsgynynda azyndan 22 adam öldi, başga-da 300-si ýaralandy.

ABŞ-nyň Geologiýa Gözegçilik merkeziniň beren maglumatyna görä, ýer titremäniň episentri dawaly Kaşmir sebitiniň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki Mirpur şäherinde bolupdyr.

Sebitdäki pakistan resmileri tebigy hadysada 22 adamyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň hem heläk bolandygyny aýtdylar.

“Resmiler ilaty çadyrlar, iýmit we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edýärler” diýip, Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan sebitiniň maglumat ministri Muştaf Minhas aýtdy.

Ýer titremede Mirpuryň esasy ýoluna hem zyýan ýetip, munuň netijesinde köçe ýol hadysalary hem ýüze çykypdyr.

Harbylar sebite “medisina kömeginiň” ýollanandygyny aýtdylar.

Ýer titremäniň sarsgynlary Pakistanyň paýtagty Yslamabatda we Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide hem duýuldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG