Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pelosi Trampyň impiçment derňewini geçirmegi tabşyrdy


ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň spiker Nensi Pelosi

ABŞ-nyň Wekiller Öýündäki Demokratlar prezident Donald Trampyň öz bäsdeşini derňemek üçin Ukraina basyş edendigi baradaky aýyplamalar boýunça, häkimiýet başyndaky kasamyna “dönüklik” etmekde resmi impiçment derňewine başlandyklaryny aýtdylar.

Wekiller Öýüniň spikeri Nensi Pelosi 24-nji sentýabr güni giçlik Trampyň “häkimiýet başyndaky kasamyna dönüklik edendigi, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyna dönüklik edendigi we saýlawlarymyzyň tämizliligine dönüklik edendigi” üçin bu ädimiň möhümdigini aýtdy.

Pelosi uzak wagtlap bu ädime garşy çykypdy. Emma ol, Trampyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen 25-nji iýulda geçiren telefon söhbetdeşliginde ozalky wise-prezident Joe Bideniň we ogly Hunteriň Ukrainadaky alyp barýan işlerini derňemek boýunça basyş edendigi baradaky peýda bolan maglumatlardan soň, öz kararyny üýtgetdi.

“Prezident jogapkärçilige çekilmelidir. Hiç kim kanundan üstün däldir” diýip, Pelosi 24-nji sentýabrda aýtdy.

Tramp Zelenskiý bilen söhbetdeşliginde Bideni maslahat edendigini aýtsa-da, ukrain liderine basyş edendigi baradaky maglumatlary çürt-kesik ret etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG