Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň spikeri Trampyň impiçment derňewini buýurýar, onuň wezipesine ikilik edendigini aýdýar


Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi
Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi

ABŞ-nyň Wekiller öýündäki demokratlar prezident Donald Trampyň garşysyna impiçment prosesine başlamak üçin resmi derňewe başlandyklaryny, onuň, hamala, bäsdeş syýasatçyny derňetmek üçin Ukraina basyş görkezemek bilen, wezipä girişende kabul eden kasamyny bozandygyny aýdýarlar.

Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi 24-nji sentýabrda bu çäräniň zerurdygyny, sebäbi Trampyň “wezipä girişende eden kasamyna ikilik edendigini, biziň milli howpsuzlygymyza ikilik edendigini, biziň saýlawlarymyzyň eldegrilmesizlgine ikilik edendigini” aýtdy.

Pelosi uzak wagt bäri munuň ýaly derňew geçirilmegine garşy durýardy, emma Trampyň 25-nji iýulda bolan telefon gürrüňinde ukrain prezidenti Wladimir Zelenskä ozalky wise-prezident Joe Baýdeni we onuňUkrainada gaz çykarýan kompaniýa bilen işleýän ogly Hanteri derňemek üçin basyş edendigi barada çykan habarlardan soň, ol öz pozisiýasyny üýtgetdi.

"Prezident jogapkärçilige çekilmeli, ondan hasap soralmaly. Hiç kim kanundan ýokarda däl” diýip, Pelosi 24-nji sentýabrda telewideniýede berlen çykyşyndaaýtdy.

"Şunuň üçin men şu gün Wekiller öýüniň resmi impiçment derňewine başlaýandygyny yglan edýärin” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp telefon söhbetdeşligi wagtynda Baýdenler barada maslahat edendigini boýun aldy, emma Zelenskä, 41 ýaşyndaky ýaş syýasatçabasyş görkezendigini üzül-kesil ret etdi.

Emma muňa garamazdan, Tramp günüň birinji ýarymynda öz işgärlerine Ukraina beriljek bolup duran 400 million dollara golaý kömegi doňdurmagy buýrandygyny tassyk etdi.

2020-nji ýylyň prezident saýlawlarynda Trampyň esasy bäsdeşleriniň biri bolmaly demokrat kandidat Joe Baýdeniň Ukrina bilen baglylykda nähilidir bir bikanun iş edendigine delil ýok.

Pelosiniň yglan etmesinden soň geçen dokuz minut içinde Tramp twitterde bir topar beýanat galdyryp, Pelosini “doly arwah awçylygynda”, şeýle-de “prezidente süýkenmekde” aýyplady.

Tramp bilen Zelenskiniň arasynda iýul aýynda bolan telefon söhbetdeşligi, aýdylmagyna görä, habar berijiniň aňtaw jemgyýetiniň baş inspektoryna eden şikaýatyndan soň mälim boldy. ABŞ metbugaty bu şikaýat arzasynyň awgust aýynda ýazylandygyny habar berdi.

Milli aňtaw gullugynyň iş başyndaky direktory Joseph Maguire habarçynyň şikaýatynyň Kongrese geçirilmezligi barada karara geldi.

Habarçynyň aklawçylary 24-nji sentýabrda, eger olar bu arza boýunça Kongresiň aňtaw komiteti bilen duşuşmak isleseler, öz müşderilerini nähili gorap biljekleri barada gollanma gözleýändiklerini aýtdylar.

Iki aklawçynyň aýtmagyna görä, olaryň müşderisi, ABŞ-nyň aňtaw jemgyýetiniň agzasy Maguirden “öz wagtynda jogap bermegine” garaşýar. Bu barada AP habar berýär.

Emma muňa garamazdan, Tramp adminstrasiýasy şol günüň özünde Ak tamyň bu şikaýaty hepde aýagyna çenli Kongrese goýbermäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

Wekiller öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy Adam Schiff görkezme bermegiň örän basym, şu hepdede hem bolup biljekdigini aýtdy.

Pelosi adminstrasiýanyň habarçynyň şikaýatyny, kanunyň talap edişi ýaly,geçirmekden ýüz öwürmegi, aýdylmagyna görä, Trampyň 25-nji iýulda Zelenskiý bilen eden gürrüňinde beren wadalary baradaky howsalany aňladýar diýen delile salgylanýar.

Zelenskiý 24-nji sentýabrda BMG-de, “Amerikanyň sesi” bilen söhbetdeşlikde özüne basyş edilendigini anyk aýtmady, “biz garaşsyz ýurt, biz her bir zada taýýar” diýmek bilen çäkländi.

Wekiller öýüniň respublikan lideri Kevin McCarthy Pelosiniň resmi derňew talabyny goldamady we “onuň hereketi bu meselä gezek gelende Amerikanyň adyndan gürlemeýär... Ol bir taraply ýagdaýda biziň impiçment derňewindedigimzi karar edip bilmez” diýdi.

XS
SM
MD
LG