Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus žurnalisti radio çykyşy üçin ýedi ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz boldy


Žurnalist Swetlana Prokopýewa
Žurnalist Swetlana Prokopýewa

Žurnalistleri goramak baradaky komitet Orsýeti žurnalist Swetlana Prokopýewa garçy işi goýbolsun etmäge çagyrdy. Ol geçen ýyl radioda aýdan sözleri üçin jogapkärçilige çekilýär.

Prokopýewa aýlap derňelenden soň, geçen hepde “terrorizmi aklamakda” aýyplandy we ýedi ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz dur diýip, düýbi Parižde ýerleşýän gurama 25-nji sentýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

Beýanatda demirgazyk-günbatar şäher Pskowda ýaşaýan žurnalistiň “suduň gözegçiliginde goýlandygy, pasportynyň alnandygy, bank hasaplarynyň baglanandygy, terrorçylaryň resmi sanawyna girizilendigi” aýdylýar.

Prokopýewa “diňe öz işini etdi we prokurorlaryň ony bu ýagdaýda derňeýşini görmek elhenç” diýip, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Biir aýtdy.

Rus we halkara hukuk aktiwsitleri Prokopýewanyň jenaýat derňewiniň metbugat azatlygyny çäklendirmek bilen deňdigini aýtdylar.

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) twitterde beýanat galdyryp, “Prokopýewa diňe öz pikirini aýdany üçin yzarlanýar” diýdi.

S.Prokopýewa Azatlyk radiosynyň Rus gullugy bilen hem hyzmatdaşlyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG