Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl öz raýatlarynyň Türkmenistana syýahat etmegini maslahat bermeýär


Aşgabat aeroportunda bilet almak üçin garaşýan ýolagçylar.

Ysraýylyň Howpsuzlyk agentligi ýewreýleriň Roş Haşana, Ýom Kippur we Sukkot baýramçylyklary bellenýän mahalynda ysraýyllylar üçin syýahat maslahatyny çap etdi diýip, MIGnews habar berýär.

Bu maslahata görä, ysraýyllylara agzalan baýramçylyklar mahalynda Sinaý ýarymadasyna, Türkiýä, Müsüre we Iordaniýa gitmezlik berk maslahat berilýär.

Mundan başga, ysraýyllylara “Eýrany goldaýan” we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna - Azerbaýjana, Gürjüstana, Ermenistana, Türkmenistana, Pars aýlagy ýurtlaryna, merkezi we günorta-gündogar Aziýa gitmezlik maslahat berilýär.

Belli bir derejedäki töwekgelligiň 40 ýurtda we regionda bardygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG