Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” BSG-nyň basylyp alnan owgan territoriýalarynda gadaganlygyny ýatyrýar


Kabul hassahanasy.

“Talyban” jeňçileri Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) öz kontrollyk edýän ýerlerinde işlemegine girizen gadaganlygyny ýatyrdy.

Bu ekstremist toparyň ABŞ bilen geçirýän parahatçylyk gepleşikleri çökenden soň öz abraýyny dikeltmek üçin eden ýene bir synanyşygy bolup görünýär.

25-nji sentýabrda yglan edilen karar ekstremist toparyň aprel aýynda BSG-ny we Halkara Gyzyl haç guramasyny öz eýelän territoriýasynda işlemekden mahrum eden gadagançylygyny ýatyrýar. Ekstremist topar bu gadagançylygy girizende bu toparlary polio-waksina kampaniýalary bilen “şübheli” işleri amala aşyrmakda aýyplapdy.

"Öz kemçiliklerine göz ýetirensoň we biziň wekillerimiz bilen yzygiderli gatnaşyklardan we duşuşyklardan soň, BSG öz işleri üçin rugsat aldy” diýip, “Talybanyň” sözçüsiZabihullah Mujahid öz çap eden beýanatynda aýtdy.

Bu gadaganlyk dünýäniň iň kän keselçilik ýaýran üç ýurdunyň biri bolan Owganystandaky uly ynsanperwerli krizisine çuňlaşdyrmak wehimini saldy.
“Talyban” 15-nji sentýabrda Halkara Gyzyl haç guramasynyň Owganystandaky işlerine girizen gadaganlygyny ýatyrdy we olaryň howpsuzlyk kepilligini dikeltdi. Ýöne şonda BSG agzalmandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG