Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany ilkinji gezek syýahatçy wizasyny teklip edýär


Saud Arabystany. Kasr al-Farid taryhy ýadygärligi
Saud Arabystany. Kasr al-Farid taryhy ýadygärligi

Saud Arabystany ilkinji gezek 49 ýurda syýahatçy wizasyny teklip edýär. Bu täzelik ýurduň dynç alyjylary çekmek we öz ykdysadyýetini nebit girdejisinden başga serişdeleriň hasabyna hem diwersifikasiýa etmek planlarynyň çäginde girizilene meňzeýär.

Patyşalyk 27-nji sentýabrda daşary ýurt kompaniýalaryna ýurduň syýahatçylyk pudagyna maýa ýatyrmak haýyşy bilen hem ýüzlenjekdigini, munuň jemi içerki önümiň ösüşine 2030-njy ýyla çenli 10 prosent goşant goşmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

“Roýters” ýurduň syýahat başlygy Ahmed al-Khateebe salgylanyp, syýahata gelýän aýallaryň boýdan-başa ýapyk eşik geýmeginiň hökmany bolmajakdygyny, emma aram geýinmegiň, şol sanda kenar ýakalarynda, kada boljakdygyny habar berdi.

Şeýle-de ol alkogolly içgileriň öňküleri ýaly gadagan boljakdygyny, “Saud Arabystanyna başga zatlardan lezzet almaga geljek syýahatçylaryň hem ýeterlik boljakdygyny” aýtdy.

Wizalar 80 dollardan internet arkaly elýeterli bolar, geçmişdäki ýaly, aýallar ýanynyň ugradyjysy bilen gelmeli bolmaz. Diňe yslamyň Mekge we Medine şäherlerine barmaga çäklendirme giriziler.

XS
SM
MD
LG